Turkmenportal logo
07.09.2026
1424914249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.