Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna ugrady.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, behişdi bedewleriň arasynda ilkinji gezek gözellik, dressaž, konkur görnüşleri boýunça geçirilýän bu dünýä çempionatynyň netijelerini jemlemek üçin Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrýar.
Geçiriljek çäreleriň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň açyk mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar. Gahryman Arkadagyň bu mejlise gatnaşmagy behişdi bedewleriň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden türkmen halkynyň Milli Liderini ýurduň resmi adamlary ugratdylar.