Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy tarapyndan Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde açyk sapak guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Açyk sapaga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygynyň diplomatlary, mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we mekdep okuwçylary, şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny we 23-nji sentýabrda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy.
Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdylar.