Turkmenportal logo
Düýn 14:13
1045510455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Niderlandly işewürleri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara çekmek maslahatlaşyldy 

Gaaga şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklaryna goşmaça itergi bermek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy. Hususan-da, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde dialogy giňeltmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Duşuşykda taraplar häzirki zaman halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň aýratyn ugry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ykdysady ugruna bagyşlandy. Niderland işewürleriniň mümkinçiliklerini Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara has işjeň çekmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy we deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, saglygy goraýyş, innowasion tehnologiýalar, şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi.

Türkmen tarapy Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramaga we olaryň ýurduň degişli döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugruna hem uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Limburg sebitinde atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty geçirilýändigi bellenildi.