Turkmenportal logo
04.09.2026
69286928
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» platformasynda «Fenerbahçe» — «Beşiktaş», «Arsenal» — «Çelsi» we hepdäniň beýleki oýunlaryna tomaşa ediň

«Belet» platformasy ýetip gelýän dynç günleri üçin futbol duşuşyklaryndan ybarat baý maksatnamany hödürleýär. Türkiýäniň Superligasyndaky hepdäniň esasy wakasy 4-nji tapgyryň çäklerinde geçiriljek «Fenerbahçe» — «Beşiktaş» klublarynyň arasynda geçiriljek oýun bolar. Duşuşyk 5-nji sentýabrda sagat 22:00-da geçiriler we oňa «Belet» platformasynda tomaşa edip bilersiňiz.

Türkiýäniň Superligasyndaky oýundan başga-da, «Belet» platformasynyň tomaşaçylaryna Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň gyzykly duşuşyklary garaşýar. Olaryň arasynda Angliýanyň Premýer-ligasyndan başlap, Ispaniýanyň La Ligasyndaky oýunlara çenli köp sanly duşuşyk bar. Şeýle hem «Formula-1» ýaryşynyň nobatdaky tapgyry görkeziler. Ähli duşuşyklary platformada göni ýaýlymda görüp bolýar.

Beletdäki göni ýaýlymlaryň tertibi

Angliýanyň Premýer-ligasy

  • «Ipswiç» — «Liwerpul», 5-nji sentýabrda, 00:00

  • «Mançester Siti» — «Kowentri», 5-nji sentýabrda, 19:00

  • «Nottingem Forest» — «Tottenhem», 5-nji sentýabrda, 19:00

  • «Ewerton» — «Mançester Ýunaýted», 6-njy sentýabrda, 18:00

  • «Arsenal» — «Çelsi», 6-njy sentýabrda, 20:30

Bundesliga

  • «Hoffenhaým» — «Borussiýa Dortmund», 5-nji sentýabrda, 18:30

  • «Werder» — «RB Leýpsig», 5-nji sentýabrda, 18:30

  • «Şalke» — «Bawariýa», 5-nji sentýabrda, 00:05

La Liga

  • «Real Betis» — «Real Madrid», 5-nji sentýabrda, 00:00

  • «Atletik Bilbao» — «Atletiko Madrid», 5-nji sentýabrda, 19:15

  • «Walensiýa» — «Barselona», 6-njy sentýabrda, 19:15

  • «Espanýol» — «Sewilýa», 7-nji sentýabrda, 00:00

Seriýa A

  • «Jenoa» — «Komo», 4-nji sentýabrda, 23:45

  • «Fiorentina» — «Torino», 5-nji sentýabrda, 18:00

  • «Inter» — «Napoli», 5-nji sentýabrda, 21:00

  • «Roma» — «Atalanta», 5-nji sentýabrda, 23:45

Liga 1

  • «Tuluza» — «Lill», 3-nji sentýabrda, 23:45

  • PSŽ — «Monako», 5-nji sentýabrda, 00:05

  • «Marsel» — «Pari FK», 6-njy sentýabrda, 23:45

Erediwisi

  • «Aýaks» — PSW, 5-nji sentýabrda, 23:00

Saud Arabystanynyň Pro-ligasy

  • «Al-Ittihad» — «Al-Nasr», 5-nji sentýabrda, 23:00

Formula-1

  • Italiýanyň Gran-pri ýaryşy

Hepdäniň esasy futbol wakalaryny we «Formula-1» ýaryşyny sypdyrmaň — ähli göni ýaýlymlar «Belet» platformasynda elýeterlidir.