Turkmenportal logo
Şu gün 16:33
38393839
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri «RCOY Central Asia 2026» forumyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän «Howanyň üýtgemegini we suw serişdelerini dolandyrmakda sebit ýaşlarynyň orny» atly BMG-niň Howa boýunça Merkezi Aziýa sebitleýin ýaşlar konferensiýasyna («RCOY Central Asia 2026») gatnaşýarlar. Forum şu gün — 4-nji sentýabrda öz işine başlady. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.

Çärä Türkmenistan bilen bir hatarda, Özbegistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan we Türkiýe ýaly ýurtlardan 100-den gowrak ýaşlar, bilermenler, halkara guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň ilkinji güni gatnaşyjylaryň bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgemegi hem-de suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky häzirki zaman ugurlary bilen tanyşmaga, şeýle hem sebitleýin ýaşlar beýannamasyny taýýarlamaga bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly soňky ylmy maglumatlar, ählumumy ekologiýa syýasaty, sebitde suw serişdelerini dolandyrmak we suw howpsuzlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýaşlar tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň we başlangyçlaryň esasynda sebitleýin beýannamanyň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu teklipler şu ýylyň noýabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG tarapyndan geçiriljek nobatdaky halkara ekologiýa konferensiýasynda hödürlener.

Maslahatda gatnaşyjylar üçin taslamalary maliýeleşdirmek üçin serişdeleri çekmek hem-de gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça ýörite okuwlar geçirilýär.