Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gerbariý ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak, sanly neşirler üçin ylmy maglumatlary taýýarlamak we tejribe alyşmak meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan köpdürli görnüşlere baý bolan özboluşly tebigy flora eýedir. Bu çäklerde toplanylan gerbariý ýygyndylary diňe bir milli däl, eýsem, halkara ylmy barlaglary üçin hem gymmatlydyr. Bu ýygyndylary sanlylaşdyrmak ylmy jemgyýetçilik üçin olardan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeldýär, görnüşleriň ýaýraýşyny, özgerişleriň depginini öwrenmäge we biologik köpdürlülige gözegçilik etmäge ýardam berýär. Duşuşykda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, iki ýurduň hünärmenleriniň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.