Türkmenistanyň alym-arheology, orta asyr keramikasy boýunça meşhur hünärmen Nurgözel Bäşimowa 80 ýaş toýuny belledi.
Şu mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda, Nurgözel Bäşimowanyň Arheologiýa bölümine ýolbaşçylyk edýän edarasynda dabaraly ýygnak geçirildi. Onuň kärdeşleri we alymlar Nurgözel Bäşimowany mähirli gutlap, onuň ýarym asyra golaý dowam eden netijeli ylmy işiniň dowamynda ýurdumyzyň taryhyny öwrenmäge hem-de nesilleriň ylmy mirasynyň dowamatlylygyny üpjün etmäge goşan uly goşandyny nygtadylar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
1972-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlandan soň, Nurgözel Bäşimowa zähmet ýoluna Taryh institutynda başlady. Onuň meýdan arheologiýasy boýunça ilkinji halypalary meşhur arheologlar Ýegen Atagarryýew we Galina Pugaçenkowa boldular. Ylmy işiniň dowamynda alym Şährislam, Dehistan, Gadymy Nusaý, Gadymy Merw we Paryzdepe ýaly gadymy ýadygärliklerde geçirilen dürli arheologik gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdy. Şeýle hem ol halkara arheologik ekspedisiýalar bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Orta asyr keramikasyny öwrenmek N. Bäşimowanyň ylmy işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ol bu ugurda Merkezi Aziýada öňdebaryjy hünärmenleriň biri hökmünde giňden tanalýar.
Alym ylmy-köpçülikleýin publisistika işlerine hem işjeň gatnaşdy. Oňa köp sanly monografiýanyň awtory hökmünde uly orun degişlidir.
Ylma goşan goşandy üçin Nurgözel Bäşimowa «Gaýrat» we «Magtymguly Pyragy» döwlet medallary bilen sylaglandy.