Turkmenportal logo
Şu gün 14:58
52835283
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Niderlandlaryň daşary işler ministrleri Gaagada duşuşyk geçirdiler

3-nji sentýabrda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şunda türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, BMG-niň Tertipnamasyna, şeýle hem halkara meselelerini syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgesine ygrarlydygyny nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, işewür gatnaşyklary we ulag-logistika, port infrastrukturasyny ösdürmek, oba hojalygy we häzirki zaman agroönümçilik tehnologiýalary, energetika, ýokary tehnologiýalar hem-de senagat kooperasiýasy ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanma aýratyn bellenildi.

Bilim we diplomatik işgärleri taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda Türkmenistanyň Niderlandlaryň «Klingendal» Halkara gatnaşyklar instituty bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Duşuşykda taraplar Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk meselelerine hem ünsi çekdiler.