Estoniýanyň Prezidenti wezipesine parlamentiň nobatdan daşary mejlisinde ýustisiýa kansleri Ýulle Madize saýlandy. Madizeni parlamentiň deputatlarynyň 101-inden 71-si goldap ses berdi, saýlanmak üçin sesleriň üçden ikisini ýa-da parlamentileriň 68-sinden az bolmadyk ses almak ýeterlikdi diýip, «Azertaj» habar berdi.
Netijede, Ýulle Madize wezipede şu ýylyň oktýabrynda bäşýyllyk ygtyýarlylyk möhleti dolýan Alar Karisi çalyşdy. Karis iýun aýynda özüniň ikinji möhlete dalaş etmejekdigini habar beripdi.
Täze döwlet Baştutany 1974-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Estoniýada dünýä indi. Tartus uniwersitetiniň hukuk bölümini tamamlady. Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde konstitusion hukuk ugrundan talyplara sapak berdi. 2015-nji ýyldan bäri ýustisiýanyň kansleridi.