Gazagystanyň daşary işler ministri wezipesine Muhtar Tleuberdi bellendi, bu barada degişli permana Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.
Muhtar Tleuberdi 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri ýurduň Awstriýadaky ilçisidi. Muhtar Beskenuly Tleuberdi 1968-nji ýylyň 30-njy iýunynda Çimkent oblastynda doguldy. Respublikanyň Daşary işler ministrliginde 1993-nji ýylda attaşe wezipesinde diplomatik gulluga başlady. Prezidentiň edarasynda daşary syýasy meseleler boýunça döwlet sekretarynyň geňeşçisi bolup işledi. Ondan öň Gazagystanyň daşary işler ministrliginde dürli ýokary wezipelerde işledi. Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesiniň eýesidir.
Bu barada «Belta.by» habar berdi.