Turkmenportal logo
Şu gün 11:10
43034303
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG Täjigistanyň başlangyjy boýunça 31-nji awgusty Halkara howpsuz emeli aň güni diýip yglan etdi
Surat: belta.by

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi, oňa laýyklykda, geljek ýyldan başlap 31-nji awgust howpsuz we ygtybarly emeli aň güni hökmünde halkara derejede bellener. Bu barada Täjigistanyň «Howar.tj» agentligi habar berdi.

Täze kararnama öň Täjigistan tarapyndan hödürlenen teklibiň we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmekde emeli aňyň orny» kararnamanyň üstüni ýetirýär.

Bu senäniň saýlanyp alynmagy emeli aňyň ylmy ugur hökmünde kemala geliş taryhy bilen baglydyr. Ýagny 1955-nji ýylyň 31-nji awgustynda Dartmund kollejiniň emeli aň ulgamynda ilkinji ylmy-barlag taslamasyny geçirmek başlangyjy öňe sürlüpdi. Hut Dartmund taslamasy emeli aňyň ylmy barlaglaryň özbaşdak ulgamy hökmünde kemala gelmeginde möhüm wakalaryň biri hasaplanýar.

Halkara howpsuz emeli aň gününiň döredilmegi EA-ny ösdürmek meselelerine ünsi artdyrmaga, ýurtlaryň arasynda tejribeleri alyşmaga hem-de täze tehnologiýalary howpsuz we jogapkärçilikli peýdalanmaga ýardam eder diýlip garaşylýar.