Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine goşandynyň 120 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentliginiň ýolbaşçysy Eduard Kubatowa salgylanýan «Azertaj» habar berdi.
Ýolbaşçy bu barada Çolpon-Atada geçen metbugat duşuşygynda aýtdy. Kubatowyň sözlerine görä, Oýunlaryň geçirilýän döwründe 200 müň syýahatçynyň ýurda gelmegine garaşylýar. Bu iri medeni-sport çäresiniň «Bişkek-arena» stadionyndaky açylyş dabarasyna 30 müň myhman gatnaşdy.
Kubatow Oýunlaryň geçirilmeginiň köpçülikleýin media giňişlikdäki täsiriniň biraz gijräk, geljek ýylyň dowamynda ýüze çykjakdygyny nygtap: «100-den gowrak ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Gyrgyzystanyň çarwa medeniýetiniň merkezidigini şöhlelendirer» diýdi.
Syýahatçylyk döwlet agentliginde oýunlaryň bu ýylky geçirilişiniň geljek ýyl ýurda gelýän jahankeşdeleriň sanyny artdyrjakdygyny çaklaýarlar.