Turkmenportal logo
Şu gün 10:14
41124112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan GDA agza ýurtlaryň arasynda iň tygşytly ilat ýazuwyny geçirdi
Surat: mir24.tv

Ýurduň ilat ýazuwyny geçirmek üçin adam başyna çykdajylar bary-ýogy 1,5 müň soma (0,12 dollar töweregi) deň boldy, bu Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň arasynda iň pes görkezijidir. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň metbugat gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Çarşenbe güni döwlet Baştutany ilat ýazuwynyň jemleri bilen tanyşmagyň barşynda statistika ulgamyny özgertmek barada teklipleri diňledi. Ýagny Özbegistanda ilat ýazuwynyň sanlylaşdyrylmagy GDA-nyň beýleki ýurtlaryndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, çykdajylary 15 esse tygşytlamaga mümkinçilik berdi.

Özbegistanda ilatyň we oba hojalygynyň bitewi ýazuwy şu ýylyň 15-nji ýanwaryndan 28-nji fewraly aralygynda geçirildi. Deslapky jemlere laýyklykda, ýurduň ilaty 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä 39 million 47 müň adama deň boldy.