Turkmenportal logo
Şu gün 09:54
35723572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda rekord derejede ýaşlar ses berer
Surat: mir24.tv

Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda rekord derejede ýaşlar ses berer, ýagny saýlaw uçastoklaryna ýaşy 18-e ýeten raýatlaryň 1 million 600 müňüsi geler. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlara görülýän taýýarlyk işlerine garalan mejlisinde yglan edildi diýip, «MIR 24» habar berdi.

Saýlawlara gatnaşjak partiýalaryň 10-sy hem öz maksatnamalaryny çap etdiler. Häzirki gün saýlawçylaryň eýýäm 9929-si öz seslerini berdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa saýlawlaryň guramaçylyk derejesiniň ýokary bolmagy üçin elde baryny etjekdiklerine ynandyrdy.