Turkmenportal logo
Şu gün 08:53
52755275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RSEB-iň Türkmenistandaky edarasy we Gyrgyzystanyň ilçisi ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (RSEB) Türkmenistandaky taslama edarasynyň müdiri Mergen Kepbanow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow daşky gurşawy goramak, klimatyň üýtgemegi, durnukly ösüş we ekologiýa bilimi ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirdiler. Bu barada carececo.org saýtynda habar berilýär.

Mergen Kepbanow merkeziň alyp barýan işleri, onuň sebitara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki eýeleýän orny we ýerine ýetirilýän işleriň esasy ugurlary barada giňişleýin tanyşdyrdy. Daşky gurşawy goramak, tebigy serşdeleri durnukly dolandyrş, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak, köpdürli biologik görnüşleri saklamak we ekologiýa mümkinçiliklerini ösdürmek ugrundaky sebitara hem-de milli başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam berýän RSEB-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň işine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda Klimatyň üýtgemegi baradaky Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC) boýunça hem pikir alyşyldy. Bu maslahat klimat syýasaty, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly ösüş boýunça tejribe alyşmak hem-de wajyp meseleleri maslahatlaşmak üçin möhüm sebitara meýdançalaryň biridir.

Mundan başga-da, taraplar 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary maslahatlaşdylar. Şol sanda Bişkekde Dag sammitiniň çäklerinde Klimatyň üýtgemegi baradaky 9-njy Merkezi Aziýa maslahatyny (ЦАКИК-2027) geçirmek meýilleşdirilýändigi bellenildi. Mergen Kepbanow RSEB-iň sebitara özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ЦАКИК-2027-ni taýýarlamak we geçirmek bilen baglanyşykly başlangyçlara goldaw bermäge taýýardygy barada nygtady.

Duşuşygyň wajyp bölekleriniň biri hem daşky gurşaw, klimatyň üýtgemegi we durnukly ösüş pudagynda işlemek üçin bilim bermek hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselelerini maslahatlaşmak boldy. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýaş hünärmenlere ýokary hilli ugurdaş bilim almak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmegiň wajyplygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen RSEB-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň arasyndaky mundan beýläkki özara tanyşlyk we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar ekologiýa, klimat we bilim meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň wekilleriniň RSEB-iň sebitara çärelerine we başlangyçlaryna gatnaşmagyny giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Gelejegi uly hyzmatdaşlyk ugurlarynyň hatarynda sebitara maslahatlara we hünärmenler çärelerine gatnaşmak, tejribe alyşmak, ekologiýa bilimini ösdürmek hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamak bellenip geçildi.