Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzümi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar meseleleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýanyň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ýokary bilim, ylym we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda özara tejribe alyşmak, akademiki gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen uniwersitetiniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» nebitgaz kompaniýasy, Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen baglaşylan ylalaşyklaryň we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň esasynda ylym, bilim we nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe ýyldan bäri üstünlikli ösdürilip gelinýändigi bellenildi.
Zwiad Gabisoniýa duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň işi, olarda taýýarlanýan hünärler we bilim maksatnamalary, şeýle hem alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada maglumat berdi.
Ol ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ozal baglaşylan ähtnamalaryň esasynda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we täze mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Soňra gruzin wekiliýetiniň agzalary ýokary okuw mekdebiniň işi bilen has içgin tanyşmak maksady bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetlerine, kafedralaryna, muzeýlerine we barlaghanalaryna, şeýle hem Lu Ban ussahanasyna aýlandylar.