Turkmenportal logo
Düýn 17:02
1111011110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Guterriş BMG-ni we beýleki halkara guramalary özgertmäge çagyrdy
Surat: tass.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-ni we beýleki halkara institutlary şu günki köppolýar dünýäniň şertlerine laýyklykda özgertmäge çagyrdy. Ol bu barada Bişkekde geçen ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde «ŞHG +» formatyndaky duşuşykda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS ýazýar.

«Biz Birleşen Milletler Guramasyny hem-de Bretton-Wud ulgamyny goşmak bilen, köptaraply institutlarymyzy şu günüň ýagdaýlaryna görä özgertmelidiris. Şeýle hem adalatly dünýä tertibini kemala getirmek maksady bilen, ösýän ýurtlarda wekilçiligimizi we täsirimizi artdyrmalydyrys» diýip, Guterriş nygtady.