Turkmenportal logo
Düýn 14:36
1237012370
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gahryman Arkadag: «Halkymyzda gyz edebi il edebine deňelýär»

Sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa sagdyn döwletiň binýadydyr. Türkmen maşgalasynda bolsa muňa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagynda belledi. Çykyş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

«Aýratyn-da, halkymyz gyz çaganyň edep-ekramyna, özüni alyp barşyna, terbiýesine uly üns berýär. Onuň arassa ahlakly bolup ýetişmegi üçin aýratyn alada edýär. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» ýaly nakylda hem türkmen maşgalasynda zenan edebine, gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns berlendigini görmek bolýar.

Gyz perzendiň kalbyna guýulýan ýagşy niýet-arzuwlaryň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin her bir ene-ata gyz perzendiň syrdaşy, ýakyn adamy bolmalydyr. Halkymyzda gyz edebi il edebine deňelýär. Päk ahlakly, sada, medeniýetli gyz çaga maşgalanyň abraýy, baran öýüniň buýsanjydyr. Biziň edep-terbiýämizde gyz-gelinlerimiziň asyllylygy, edep-ekramy aýratyn mertebä eýedir» diýip türkmen halkynyň Milli Lideri umumy sapakda belledi.