Turkmenportal logo
Düýn 14:21
1410814108
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň günbatar sebitinde 52 müň 400 tonna bakja önümlerini ýygnamak meýilleşdirilýär

Şu günler Balkan welaýatynyň meýdanlarynda gawun-garpyz ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Daýhanlar 2,6 müň gektar meýdandan 52 müň 400 tonna bakja önümlerini ýygnamagy meýilleşdirýärler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, bu wajyp işe Bereket, Gyzyletrek, Etrek we Esenguly etraplarynyň hojalyklary saldamly goşant goşýarlar.

Welaýatyň diňe bir ýokary hilli gawunlary, garpyzlary we miweleri ösdürip ýetişdirmekde däl, eýsem önümleri gaýtadan işlemekde hem gazanan üstünlikleri aýratyn ünse mynasypdyr.

Ösdürilip ýetişdirilen ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleri sarp edijilere ýetirmek üçin wagtynda söwda ulgamlaryna ugradylýar.