Turkmenportal logo
Düýn 14:17
1086710867
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Volkswagen» Germaniýadaky dört zawodyny ýapmagy meýilleşdirýär
Surat: gazeta.ru

«Volkswagen» kompaniýasynyň dolandyryjy edarasy Germaniýadaky dört kärhanasyny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanýan «WirtschaftsWoche» (WiWo) neşiri habar berdi.

Awtokonserniň wekili häzir maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän «Volkswagen»-i buzdaga urlan rowaýaty «Titanik» gämisine meňzetdi. «Emdendäki we Swikkaudaky önümçilik 2031-nji ýylda, Gannowerde 2032-nji ýylda, Nekkarzulmda 2034-nji ýylda tamamlanmaly» diýlip, habarda bellenýär.

Şeýle-de önümçiligiň Çehiýadaky, Slowakiýadaky hem-de Polşadaky has arzan meýdançalara geçiriljekdigi aýdylýar. Şunda eger her awtoulag üçin häzirki 6490 ýewro deň önümçilik harajatlaryny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli 2832 ýewro çenli azaltmak başartsa, zawodlar ýapylmaz. Emma bilermenler munuň mümkin däldigini çaklaýarlar.

Konsern zawodlary ýapmakdan başga-da, «Seat» brendini doly bes etmegi, 2030-njy ýyldan başlap «Porsche Taycan» elektrik ulagyny önümçilikden aýyrmagy hem-de «Ducati» we «Traton» ýaly 700 sany golçur şahamçadaky paýlaryny satmagy meýilleşdirýär. Bu konserne 50 milliard ýewro töweregi serişde tygşytlamaga mümkinçilik berer.