Turkmenportal logo
Düýn 14:16
1807218072
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gahryman Arkadag: Internetdäki ters garaýyşlardan ýaşlary goramak möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, her halk öz neslini milli düşünjeleri we medeni däpleri esasynda terbiýeleýär. Gahryman Arkadag: «Ata-eneler, mugallymlar ýaşlaryň terbiýesini özbaşyna goýbermeli däldirler. Internet giňişligindäki ters düşünje-garaýyşlara ýaşlyk ýeňilligi bilen özlerini aldyrmazlygyny, ahlak arassalygyny, mertebesini goramalydygyny yzygiderli pent edip durmalydyrlar» diýip belledi.

«Bu jogapkärli işde mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Mugallym — ýaş nesli terbiýeleýän, bilim berýän we olaryň geljegine uly täsir edýän hormatly hünäriň eýesi, beýik ynsandyr. Mugallym ýaş nesillerimize ýol görkeziji şahsyýetdir. Şonuň üçin mugallym sabyrly, akylly, mylaýym we adalatly bolup, her bir okuwça deň göz bilen garamalydyr, olaryň pikirine hormat goýmalydyr». Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagynda belledi. Çykyş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.