Turkmenportal logo
Düýn 12:27
1980619806
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sentýabr aýynda türkmenistanlylara goşmaça dynç güni garaşýar

2026-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni ýekşenbe gününe gabat gelýär. Şol sebäpli ýurduň zähmet kanunçylygyna laýyklykda dynç güni duşenbe gününe — 28-nji sentýabra geçirilýär.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra güni dynç gününe — ýekşenbe gününe gabat gelen ýagdaýynda, onuň yz ýanyndaky iň ýakyn iş güni dynç güni diýlip hasaplanýar.

Şeýlelikde, ýurduň ýaşaýjylaryna yzly-yzyna iki dynç güni garaşýar: döwlet baýramçylygy bellenilýän 27-nji sentýabrda, ýekşenbe güni we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasyna laýyklykda işlenilmeýän gün diýlip yglan edilen 28-nji sentýabrda, duşenbe güni.

2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanyldy. Ol zähmet haklaryny hasaplamakda, zähmet gatnaşyklaryny resmileşdirmekde we kärhanalaryň işini meýilleşdirmekde esasy resminama bolup hyzmat edýär. Resminama iş, dynç we baýramçylyk günlerini, şeýle hem iş wagtynyň kadalaryny kesgitleýär.

Senenama laýyklykda, 2026-njy ýylda 40 sagatlyk iş hepdesinde ortaça aýlyk iş wagtynyň kadasy 166,9 sagat, 36 sagatlyk iş hepdesinde bolsa 150,5 sagat bolar.

Garaşsyzlyk gününden başga-da, 2026-njy ýylyň işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleriniň sanawyna Täze ýyl (1-nji ýanwar), Halkara zenanlar güni (8-nji mart), Milli bahar baýramy (21–22-nji mart), Oraza baýramy (20-nji mart), Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni (18-nji maý), Gurban baýramy (27–29-njy maý), Hatyra güni (6-njy oktýabr) we Halkara Bitaraplyk güni (12-nji dekabr) girýär.

Baýramçylygyň öň ýanyndaky iş güni bir sagat gysgaldylýar. Gije çalşygy hem bir sagat gysgaldylýar. Üznüksiz önümçilik şertlerinde bolsa gijeki iş gündizki işe deňleşdirilýär.