Turkmenportal logo
Düýn 12:06
1021010210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Apple» täze baş direktoryň aýlyk hakyny mälim etdi
Surat: gazeta.ru

«Apple» kompaniýasynyň täze bellenen baş direktory Jon Ternus ýylda 3 million dollar aýlyk hakyny alar. Bu barada «Stock Titan» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Jon Ternus 3 million dollar möçberde ýyllyk zähmet hakyny alar. Oňa 2026-njy ýyl üçin çäklendirilen satmak hukukly paýnama görnüşde 2,5 million dollara deň sylag berler, şeýle-de 2027-nji maliýe ýylynda 55 million dollarlyk ýyllyk pul sylagy gowşurylar» diýlip, habarda aýdylýar.

Jon Ternus 1-nji sentýabrda Tim Kuky baş direktoryň wezipesinde resmi çalyşdy. Kuk direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy boldy. Tim Kuk 2 million dollar ýyllyk hak alar hem-de oňa 2027-nji ýylda paýnama görnüşde 45 million dollar sylag gowşurylar.