Turkmenportal logo
Düýn 11:34
87068706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stambulyň kenarýakasynda iki gämi çakyşdy
Surat: tass.ru

Türkiýäniň baýdagy astyndaky iki sany gury ýük gämisi Mermer deňziň suwunda çakyşdy. Bu barada şäheriň gubernatorynyň edarasyna salgylanýan TASS habar berdi.

Habarda adatdan daşary ýagdaýyň Stambul şäheriniň Siliwri uýezdiniň etrabynda bolandygy, ol ýerde «Alsu» we «Tugberk Imamoglu» gämileriniň çakyşandygy aýdylýar.

Waka netijesinde «Tugberk Imamoglu» gämisiniň 20 agzadan ybarat ekipažy bilen aragatnaşyk kesildi. Hadysanyň bolan ýerine Türkiýäniň kenar goragy gullugynyň işgärleri, gözleg-halas ediş toparlary ýollandy. Halas ediş işlerine dikuçarlar we tirkeg gämileri gatnaşýar. Gämileriň çakyşmagynyň sebäbi öwrenilýär.