Nepalda bolan güýçli süýşgüniň pidalarynyň sany 1127-ä ýetdi. Bu barada Hytaýyň merkezi teleýaýlymy nepal polisiýasyna salgylanyp habar berdi.
Öň 1056 pida barada habar berlipdi. Dereksiz ýitenler 4,5 müň adam.
26-njy awgustda Nepalyň demirgazygynda güýçli suw süýşgüni boldy. Oňa Hytaý bilen serhetdäki buz böleginiň bölünmegi sebäp boldy. Dag jynsynyň akymy derýanyň hanasy boýunça 70 kilometr aralygy geçip, ilatly nokatlary ýok etdi, uly çägi gark etdi.