Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli ýaryşlarda eminlere wideo arkaly kömek beriş ulgamyny (VAR) ornaşdyrmaga taýýarlyk görýär. Bu barada federasiýanyň wekilleri habar berdiler.
Häzirki wagtda Aşgabatda türkmen eminleri üçin VAR ulgamy bilen işlemek boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Okuwlary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň hünärmenleri — VAR boýunça bilermen-inspektor Jahangir Saidow we ulgamyň operatory Şirali Janalyýew geçirýärler.
Okuwlaryň esasy maksady VAR ulgamynyň türkmen futbolyna ornaşdyrylmagynyň öňüsyrasynda eminleri onuň iş ýörelgeleri bilen jikme-jik tanyşdyrmakdan ybarat. Bellenilişine görä, bäş günüň dowamynda eminler nazary we amaly taýýarlyk okuwlaryny geçerler. Olara VAR ulgamynyň tehniki aýratynlyklary düşündiriler, şeýle hem wideo gaýtalamalaryndan peýdalanmak bilen, duşuşyklar wagtynda jedelli oýun pursatlaryna çalt we dogry baha bermegiň usullary öwrediler.
Federasiýada bellemeklerine görä, VAR ulgamynyň ornaşdyrylmagy milli çempionatyň we Türkmenistanyň Kubogynyň oýunlarynda eminligiň obýektiwligini we hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurtdaky eminlik ulgamyny halkara standartlaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir.