Turkmenportal logo
Düýn 10:42
66386638
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Leonid Kanewskiniň «Derňewi alyp bardylar» komediýasy surata düşürilýär
Surat: rg.ru

Tanymal rus aktýory Leonid Kanewskiniň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Derňewi alyp bardylar» atly täze filmiň surata alnyş işlerine girişildi. Onda goja aktýor adybir dokumental telegepleşiklerdäki gahrymanyň keşbinde çykyş edýär diýip, «rg.ru» habar berdi.

Komediýa görnüşdäki täze filmde telegepleşikleri alypbaryjy we aktýor derňew işlerinden dynç almak üçin oba gidýär. Emma Olýa atly ýerli gyzjagaz ondan ýiten itini tapmakda kömek soraýar. Tiz wagtdan bu derňewe gatnaşýanlaryň ählisiniň durmuşyny özgerden geň wakalar bolup geçýär.

Aleksandr Fominiň režissýorlyk edýän filmi 2027-nji ýylyň 26-njy awgustynda ekranlara çykmaly.