Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary awgust aýynda Germaniýada geçirilen tomusky okuwlara gatnaşdylar. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nemes dili we edebiýaty hem-de iňlis dili we edebiýaty hünärleriniň talyplary A.Gurbanowa, B.Çaryýewa we J.Söýünowa Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) guramagynda bu ýurduň Geýdelberg, Bremen we Gýote uniwersitetlerinde geçirilen tomusky okuwlaryna gatnaşdylar.
Okuwlaryň dowamynda talyplar häzirki zaman tehnologiýalary – emeli aňyň üsti bilen nemes dilini özleşdirmek ugrunda tejribe alyşdylar, nemes dilindäki edebiýatlar, Germaniýanyň taryhy, medeniýeti bilen has-da giňişleýin tanyşdylar.