Turkmenportal logo
Düýn 09:53
57185718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uşakow: Putin, Szinpin we Tramp sammitde duşuşyp biler
Surat: rbc.ru

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow rus lideri Wladimir Putiniň, Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň sammitinde üçtaraplaýyn duşuşygynyň boljakdygyny inkär etmeýär.

Uşakowyň sözlerine görä, Putin we Szinpin golaýda Bişkekde bolan gepleşikleriň dowamynda şeýle duşuşygy geçirmek mümkinçiligi barada durup geçdiler. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

«Si Szinpin öňdäki sammitiň hojaýyny hökmünde Trampyň hem, Putiniň hem sammite çagyrylandygyny ýatlady. Eger bu başa baraýsa, üç taraplaýyn duşuşygy-da gurasa bolar» diýip, Uşakow belledi.