Turkmenportal logo
Düýn 09:37
75837583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Hokon VIII tagta geçmegi mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Hokon VIII-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Norwegiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.