Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle hem täze okuw ýylyna bagyşlanan okuw sapagyny geçdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary, talyplar we okuwçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag, ilki bilen, «Ruhyýet» köşgüniň öňünde ýygnananlar bilen söhbetdeş bolup, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp, ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle hem täze okuw ýylyna bagyşlanan okuw sapagyny geçdi.