Şu gün Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau ş.) konsullygynyň binasynda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, bu çärä Aktau şäherinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlar, Mangistau welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de konsullygyň işgärleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan alnyp barylýan işler, halkyň bähbidi üçin jemgyýetçilik we syýasy ulgamdaky orny barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenilmegi, gazanylan üstünlikleriň seljerilmegi we uzak möhleti nazarlaýan geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenilmeginiň meýilleşdirilýändigi beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns bermek bilen birlikde, Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäniň 78 döwletiniň awtordaşlygynda kabul edilendigi barada maglumat berildi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini açyp görkezýän, ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünlikleri dabaralandyrýan surat eserleriniň sergisi gurnaldy.