Turkmenportal logo
02.09.2026
1308813088
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirdiler  

Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň çäklerinde goşa raýatlyk ýagdaýlarynyň öňüni almak, Azerbaýjan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary bilen bagly meseleler, şeýle hem iki ýurduň ygtyýarly edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň migrasiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekdiler. Onda geçirilen pikir alyşmalaryň esasy netijeleri hem-de konsullyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklar öz beýanyny tapdy.