2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap Koreýa Respublikasynyň Hankuk University of Foreign Studies (HUFS) uniwersiteti 2027-nji ýylyň ýaz semestri üçin talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady. Täze tapgyr boýunça okuwlar 2027-nji ýylyň ýazynda başlanýar.
Kabul edişlik ýylda iki gezek geçirilýär. Koreýanyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda HUFS uniwersiteti dalaşgärleri ýylda bir däl-de, iki gezek — ýaz (mart) we güýz (sentýabr) semestrlerinde okuwa kabul edýär.
Türkmenistanda HUFS uniwersitetiniň resmi wekili hökmünde çykyş etmäge «Türkmen Maslahatçylar Topary» (TMT Consulting Group) kompaniýasy ygtyýarlandyryldy.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde «TMT Consulting Group» uniwersitetiň okuw maksatnamalaryny, arza bermek üçin talaplary we okuwa kabul edilmegiň tertibini düşündirýän maglumat beriş duşuşyklaryny guraýar.
Goşmaça maglumatlary aşakdaky salgylar arkaly alyp bilersiňiz:
Salgysy: Aşgabat ş., G. Kulyýew köçesi, 38-nji jaý, «Ojar Aziýa» binasy
Elektron poçta: edu@tmt.tm
Telefon: +993 12 75 36 44 / +993 65 42 17 77 (imo)