Turkmenportal logo
02.09.2026
1147111471
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Polisiýadan batgada gizlenen gaçgak krokodiliň hüjümine uçrady
Surat: gazeta.ru

ABŞ-da erkek kişi polisiýadan gaçyp, batgada gizlenmekçi boldy, emma oňa krokodil hüjüm etdi diýip, «NDTV» ýazýar.

Waka ştatyň polisiýasy gara ýoldan howply ýagdaýda barýan «Toyota» kysymly awtoulag barada habar alandan soňra başlandy. Hukuk goraýjylaryň maglumatlary boýunça ulag beton germewe urlup, tekeri ýarylypdyr. Sürüji 40 ýaşly Wiktor Riwas awtoulagdan çykyp gizlenmekçi bolupdyr. Ol ýoldan aşak inip, ýakadaky batgalyga özüni urupdyr.

Sent-Çarlz okrugynyň şerifiniň işgärleridir poliseýler ony gözläp başlapdyrlar, tizara beýleki ýoluň ýakasynda görüpdirler. Tutmakçy bolanlarynda, Riwas ýene gaçyp başlapdyr hem-de batgalyga dolanyp giripdir. Hut şol ýerde-de garaşylmadyk ýagdaý döräpdir, suwda ýatan alligator gaçgagy kowalap ugrapdyr, yzyndan ýetip hüjüm edipdir. Ol erkek kişiniň iki elini ýaralapdyr. Hüjüme garamazdan, Riwas gaçmagyny dowam edipdir, ahyry ony dron bilen tapyp, gyrymsylykdan çykanda tutupdyrlar. «Krokodiliň hüjüminden soňam ol gaçýardy» diýip, Luiziananyň polisiýasynyň wekili  Kaýl Wagner gürrüň beripdir.

Gaçgagy hassahana eltip, lukmançylyk kömegi beripdirler. Riwasa ulagy serhoş ýagdaýda dolandyrmakda hem-de polisiýa işgärine garşylyk görkezmekde aýyplama bildirdiler.