Turkmenportal logo
02.09.2026
93709370
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Golliwudy tankyt etdi
Surat: ria.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Golliwuddaky çuň çökgünlik barada aýtdy we kino önümçiligini ýurda gaýtaryp getirmäge çagyrdy, munuň üçin Kongrese amerikan kinostudiýalary üçin salgyt ýeňilliklerini girizmegi teklip etdi.

Ak tamyň başlygynyň sözlerine görä, şeýle başlangyjy ol «Oskar» baýragynyň eýesi aktýor Jon Woýt bilen maslahatlaşypdyr. Ýeri gelende aýtsak, aktýor Trampyň Golliwudyň işleri boýunça ýörite wekili bolup durýar.

«Golliwud – duran bir heläkçilik! Dabarasy dag aşanam bolsa, bitirýän işleri ýok. Önümçilik Kanada göçüp gitdi, ABŞ-da bolsa kino düşürilmeýär. Jon we pudagyň beýleki wekilleri biziň kinotelekeçiligimizi ýene-de beýik etmek üçin federal salgyt ýeňilliklerini teklip edýärler» diýip, Tramp aýtdy.

Amerikan lideriniň aýtmagyna görä, ol bu meseläni golaý wagtda Kongresde iki partiýanyň liderleri bilen ara alyp maslahatlaşmagy guramakçy.