Turkmenportal logo
02.09.2026
81408140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleri hem-de geologlary ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlaryň gözleg-barlag işlerini geçirýärler. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Mary hem Lebap welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi öz wezipe borçlary hasaplaýan ekspedisiýanyň zähmet topary häzirki wagtda Mary welaýatynyň çägindäki Tärimlik, Sakarçäge, Peşanaly, Murgap, Töreşyh, Tarhan, Kälçe, Gündogar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň çägindäki Jynlygum, Zähmetkeş, Tahyrbaý hem-de Narazym meýdançalarynda burawlaýyş hem-de surata almak işlerini alyp barýarlar.

Ekspedisiýanyň gidrogeologlarynyň edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýurduň Ahal, Balkan welaýatlarynyň çäklerinde tehniki hajatlar üçin ýerasty suwlaryň gözleg, barlag işlerini alyp barýandyklary-da bellärliklidir. Gidrogeologlar häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän Bereket ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işini hem üstünlikli alyp barýarlar.

— Biz şu ýylyň geçen ýedi aýynda sütünleýin mehaniki buraw işleriniň on dört müň dört ýüz metriniň ýerine on alty müň elli dört metr çuňlugy burawlap, bellenilen meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdik. Şertnamalaýyn işlerde iki müň dört ýüz on bir metr buraw işleri berjaý edildi — diýip «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň başlygy Amangylyç Çaryýew gürrüň berýär.