Turkmenportal logo
02.09.2026
80868086
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanadada syrly ada duýdansyz peýda bolşy ýaly ýitirim boldy
Surat: ria.ru

Kanadanyň Britan Kolumbiýasy ülkesindäki iri suw howdanynyň içinde ullakan syrly ada birdenkä peýda bolşy ýaly, dessine hem ýitirim boldy. Bu barada «CBC» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

«B. C. Hydro kompaniýasy Bennettiň bendinden 100 kilometrlikde tapylan adanyň ikinji gezek suwda peýda bolmagyny yzarlaýar» diýlip, habarda aýdylýar.

Adany ilkinji gezek geçen tomsuň ortalarynda kiçi göwrümli gämileriň eýeleri gördüler. Portalyň çap eden şekillerinde ada uzakdan görünse-de, meýdanynyň ägirt uludygy duýulýar. Özem tokaýlyk bilen örtülipdir. Adanyň giňligi 70, uzynlygy 140 metr, meýdany on müň inedördül metr diýlip çaklanýar.

«Hiç kim onuň nirden peýda bolup, nirä ýok bolandygyny bilenok, mümkin, bu äpet ada Uilliston suw howdanyndan Britan Kolumbiýasynyň demirgazygyna ýüzüp barýan bolsa gerek» diýlip, makalada bellenýär.

Uilliston suw howdany dünýäde göwrümi boýunça ýedinji orunda durýar, hatda kosmosdan hem görünýär. Ol 1968-nji ýylda Bennettiň bendi gurlandan soňra döredi.