Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Wýetnamyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.