Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Şeýle hem Prezidentiň adyndan düýn Türkmenabat şäherinde täze binasy açylan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

TDH-niň habar bermegine görä, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň ulanyşa berilmegi mynasybetli düýn baýramçylyk sadakalary berildi.