Turkmenportal logo
01.09.2026
1378113781
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze bilim ojaklary açyldy

Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginiň çäginde 960 orunlyk mekdebiň döwrebap täze binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi etrabyň ähli ýaşaýjylaryny buýsandyrdy. Iki gatdan ybarat bolan mekdebiň binasyny Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde iki gatly 320 orunlyk çagalar bagynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherinde «Mäkäm» gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen çagalary bagy, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Garagamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda iki gatly 600 orunlyk mekdebiň, şeýle hem Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda iki gatly 400 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp, ulanylmaga berilmegi özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Açylyş dabaralarynyň dowamynda binalaryň gurluşygyna gatnaşan ussat gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.