Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň çäginde täze ÝUNESKO bagy döredildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda BMG bilen düzümleri, hususan-da onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine ähmiýet berilýär.
Şeýle hem ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň sertifikaty, Türkmenistanda mugallymçylyk hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin «Geljege goşant» atly howandarlyk gaznasynyň sertifikaty, Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň sertifikaty, şeýle hem täze döwrebap binalar toplumynyň döredilip ulanylmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalyk sertifikaty dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.