Turkmenportal logo
01.09.2026
1093910939
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplamynyň açylyş dabarasynyň çäginde sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti açylyş dabarasy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş edip, hemmeleri Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, şu gün açylyp ulanmaga berlen 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi.

Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär.  Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle hem sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Täze binalar toplumynyň meýdany 26 gektara golaý bolup, bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar we hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Institutyň täze binalar toplumy baş binany, mejlisler zalyny, okuw binalaryny, 1 müň orunlyk naharhanany, kitaphanany, ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýlaryny, sport meýdançalaryny hem-de beýleki tehniki desgalary öz içine alýar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen döwrebap kitaphana binasy bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan, 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat.

Döwlet Baştutany ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.