Turkmenportal logo
01.09.2026
1083510835
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýanyň bilim ministri Türkmenistana sapar bilen geldi
Surat: 1tv.ge

Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze Türkmenistana sapar bilen geldi.

Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Giwi Mikanadze Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow we Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Şeýle-de Gruziýanyň bilim ministri şu gün Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Saparyň dowamynda Giwi Mikanadze Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän türkmen ýokary okuw mekdeplerine baryp görer. Sapara Gruziýanyň wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşýar.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.