Nepalyň Tibet bilen serhedinde bolup geçen we uly weýrançylyklara getiren suw joşmasynyň netijesinde heläk bolanlaryň sany müňden geçdi. Bu barada ýurduň milli adatdan daşary ýagdaýlar baradaky agentligi habar berdi. 3900-den gowrak adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar. Olaryň 600-den gowragynyň Trişuli derýasynyň boýundaky gidroenergetika desgalarynda palçykdan dolan geçitlerde gabalan işçiler bolmagy ähtimaldyr. Bu barada BBC agentligi habar berýär.
Inženerler geçitlere howa goýbermek işlerini dowam etdirýärler. Halas ediş toparlarynyň biri geçitleriň birine girmegi başarypdyr, emma ol ýerde hiç kimi tapman, yza çekilmäge mejbur bolupdyr.
Nepalyň Premýer-ministri Balendra Şah duşenbe güni heläkçilikden ejir çeken desgalardan 279 adamyň halas edilendigini aýtdy. Gözleg-halas ediş işlerine Hytaýyň we Nepalyň harby gullukçylary, şeýle hem Hindistandan, Günorta Koreýadan we Awstraliýadan gelen hünärmenlerden ybarat halkara topary ýolbaşçylyk edýär.
Nepal esasan gidroenergetika pudagyna daýanýar we ençeme ýyllaryň dowamynda ýurduň daglardaky derýa ulgamlarynyň boýunda degişli taslamalary ösdürip geldi. Häkimiýetleriň berýän maglumatlaryna görä, suw joşmasy azyndan 11 desga — eýýäm gurlup ulanmaga berlen hem-de gurluşygy dowam edýän desgalara ep-esli zeper ýetiripdir.
Geçitlerde gabalan işçileriň ýakynlary halas ediş işleriniň haýal alnyp barylýandygyna alada bildirýärler. Olar geçitlere howa goýbermek işleriniň has ir başlanmalydygyny belleýärler.
Şah halas ediş işleriniň güýçlendirilendigini aýdyp, bolup geçen suw joşmasyny adatdan daşary uly hadysa diýip atlandyrdy. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegi sebäpli Gimalaý sebitinde töwekgelçilikleriň artýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, halkara jemgyýetçiligi şeýle tebigy betbagtçylyklar meselesine has uly üns bermelidir.