Turkmenportal logo
Düýn 12:20
77407740
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda täze teatr we sirk möwsümi açylýar

Türkmenistanda 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde täze döredijilik möwsümi açylýar. Bu däp her ýyl güýz paslynda sahna sungatynyň muşdaklaryny täze sahna eserleri bilen begendirýär.

Täze möwsümiň sahna eserlerinde türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyna — onuň däp-dessurlaryna, gündelik durmuş ýörelgelerine we jemgyýetçilik gymmatlyklaryna ýüzlenilýär. Repertuaryň esasy temalarynyň biri ahalteke bedewiniň keşbi bolup, ýurduň dürli sebitlerindäki teatrlarda birbada birnäçe spektakl bedewlere bagyşlanýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet akademiki baş drama teatry halk ýazyjysy, dramaturg G. Danatarowyň pýesasynyň esasynda ýaşlaryň zähmetsöýerligi we bilime bolan höwesi barada spektakly tomaşaçylara hödürlär.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry möwsümi şahyryň goşgularynyň esasynda taýýarlanan spektakl bilen açar. Spektaklyň sýužetiniň özeninde Görogly begiň öz aty Gyrata bolan söýgüsi hakyndaky waka ýatyr.

Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda bedewe hormat goýmak we ýaş nesli terbiýelemek baradaky eseriň esasynda taýýarlanan spektakl görkeziler.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry Ş. Salyhowyň sahna eserini tomaşaçylara hödürlär. Spektaklda taryhy şahslar bolan Soltansöýün, onuň aýaly Gülpamyk we soltanyň dosty Myraly barada gürrüň berilýär.

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry möwsümi türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymgulynyň mirasyna bagyşlanan M. Mämmetgurbanowyň pýesasynyň esasynda taýýarlanan spektakl bilen açar.

Kiçi ýaşly tomaşaçylara Türkmen döwlet gurjak teatry ene-atalara, halypalara we tebigata hormat goýmak temasyndaky gurjak spektaklyny hödürlär.

Täze möwsüm welaýat teatrlarynda — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň teatrlarynda hem açylar.

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda görkeziljek spektakllaryň tertibi:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet akademiki baş drama teatry  — «Süýji durmuşa barýan ýol» — 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry — «Ýigidiň ykbaly — at» — 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry — «Gyzyl alma» — 19:00.

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry — «Türkmeniň bagty» — 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry — «Atyň abraýy» — 19:00.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry — «Argamak bedewleri» — 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry — «Dostlar» — 17:00.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry — «At hakyndaky rowaýat» — 19:00.

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry — «Goly sazly, tili sözli Görogly» — 19:00.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry — «At-myrat» — 19:00.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry — «At göçümi» — 19:00.