Turkmenportal logo
01.09.2026
87838783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň söwda-ykdysady başlangyçlary YHG sebitinde giň goldaw tapýar

Ýakynda YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Hanyň we Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisiniň Gülüstan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda degişli başlangyjyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda Bilelikdäki söwda zolagyny döretmegiň söwda alyş-çalyşyny giňeltmek, üstaşyr gatnawlary artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek we sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak arkaly YHG sebitiniň ösüşine möhüm goşant goşup biljekdigi bellenildi.

YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilelikdäki söwda zolagyny döretmek baradaky başlangyjyň Guramanyň agza döwletleriniň beýleki serhetýaka sebitleri üçin hem nusga bolup biljekdigini belledi. Şeýle hem bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak, sebit içindäki söwdany giňeltmek we ykdysady integrasiýany ösdürmek boýunça YHG-niň maksatlaryna laýyk gelýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, serhetýaka gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär.