Turkmenportal logo
01.09.2026
1196311963
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurduň ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Ýurduň bilim edaralarynda ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, täze okuw ýylynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy, Ahal welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Balkan welaýatynda 2 sany orta mekdep we 2 sany çagalar bagy, Daşoguz welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumy we 2 sany orta mekdep, Mary welaýatynda 1 sany orta mekdep açylyp ulanmaga berler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň döwrebap okuw binalary, tejribehanalar, ylmy-barlag merkezleri, kitaphanalar, sport binalary we meýdançalary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy öndürijileriniň oturdylýan bilim enjamlary talyp ýaşlaryň — geljekki ýokary bilimli hünärmenleriň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almaklaryny, şeýle hem professor-mugallymlaryň bilim işini has-da netijeli guramaklary üçin ähli amatly şertleri üpjün eder.

Döwlet Baştutanynyň taryhy Karary bilen, şu ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň hem-de 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna badalga berildi.