Turkmenportal logo
31.08.2026
1165311653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda bejeriş häsiýetli çörekleri bişirmegiň usullary işlenip taýýarlanýar

Türkmenistanda bejeriş we öňüni alyş maksatly, hamyrmaýasyz innowasion çörekleri bişirmegiň usullary işlenip düzüldi. Bu önüm iýmitleniş bilen bagly kesellere, semizlige, 2-nji görnüşli süýji keseline we madda çalşygynyň bozulmalaryna garşy göreşmäge niýetlenendir.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, çörekleriň düzüminde biohimiýanyň öňdebaryjy gazananlary hem-de türkmen halk lukmançylygynyň baý tejribesi esas hökmünde ulanyldy.

Adaty un esasy iň pes derejä — 5–10 göterime çenli azaldyldy we ol diňe birleşdiriji esas hökmünde hyzmat edýär. Taýýarlanyş usulynyň 90–95 göterimini bolsa tebigy bioserişdeler düzýär.

Hamyrmaýa bilen turşatmakdan doly ýüz öwrülmegi içege mikroflorasynyň deňagramlylygynyň bozulmagy bilen bagly disbiotik hadysalaryň we artykmaç gazlaryň emele gelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Çörekleriň düzümine gawunyň, garpyzyň we kädiniň ýumşak bölegi, tohumlary hem-de inçe üwelen galyndylary goşulýar. Olar önümi aňsat özleşdirilýän ösümlik belogy, beta-karotin, sink we pektinler bilen baýlaşdyrýar. Üzümiň galyndysy gan damarlarynyň diwarlaryny berkitmäge we aterosklerozyň öňüni almaga ýardam edýän resweratrol hem-de polifenollaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bugdaýyň we arpanyň kepekleri bolsa önümi içegäniň peristaltikasyny işjeňleşdirýän hem-de uzak wagtlap dokluk duýgusyny saklamaga kömek edýän eremeýän iýmit süýümleri bilen üpjün edýär.

Prebiotik täsir topinamburdan (ýer almasyndan) we boýdäneden alynýan inuliniň hasabyna gazanylýar. Inulin içegäniň mikroflorasyny dikeltmäge we önümiň glikemiki indeksini peseltmäge ýardam edýär.

Sarymsagyň, omega-3 ýag turşulyklarynyň çeşmesi bolan semzegiň, buýanyň köküniň, itburunyň, käkilik otunyň we narpyzyň mikrotozlary antioksidant, immun ulgamyny sazlaýjy we çişmä garşy täsir edýär.

Bu usuly işläp taýýarlama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenlerine degişlidir.